DİĞER YAZARLARIMIZ
Uzm.Dr.Muhtar FATİH BİRLİKTE TAHRİRE DOĞRU YOL ALALIM TÜRKMEN GENÇLERİ BUGÜN BİZİM GÜNÜMÜZDIR
Prof. Dr. Mustafa Kafalı Suriye Türkleri: Fırat’ın Doğusu da Türk, Batısı da
Prof. Dr. Mustafa Kafalı Suriye’de Türkmen Köyleri ve Ankara Antlaşması Hükümleri
AYŞE HÜR Meğerse Suriye'de Türkmenler yaşarmış!
Uzm.Dr.Muhtar FATİH الشاعر التركماني مختوم قولي
Yrd. Doç. Dr. Enver ÇAKAR XVI. YÜZYILDA SURİYE TÜRKMENLERİ
Nevin Balta Türkmen Yerleşimi Halep, Gaziantep ve Kilis
Prof. Dr. Abdulhalik BAKIR KUZEY SURİYE’DEKİ TÜRKMEN YERLEŞİMLERİNİN ÇAĞDAŞ TARİHİ VE STRATEJİK ALTYAPISI ÜZERİNE GENEL BİR DEĞERLENDİRME***Türk Dünyası Araştırmaları
Prof.Dr. MEHMET EROL Halep Türkmenleri Halk Kültürü Araştırması
Uzm.Dr.Muhtar FATİH Türkmenler Çok Zor Durumda! Hayatta Kalma Mücadelesi Veriyorlar.
Uzm.Dr.Muhtar FATİH حكاية التركمان في بلاد الشام التي لم تحكى بعد
Ayfer GÜLER Suriye’de Türklüğün Gür Sesi: Genç Türkmenler
Uzm.Dr.Muhtar FATİH Suriye Türkmen Dağı'nda yaşayan Bayırbucak Türkmenleri
Uzm.Dr.Muhtar FATİH “Dünya durdukça Türkmenistan yaşasın”
Aydın BALCI AFRİN'DE TÜRK­MEN­LER ve REJİMİN TÜRK­MEN­LE­RE KARŞI GENEL TU­TU­MU
Uzm.Dr.Muhtar FATİH
Suriyeli Türkmenler Uzm.Dr.Muhtar FATİH - Arkadagly Ataýurdum Türkmenistan Siriya Türkmenleri Sizinle !

"Arkadagly Ataýurdum Türkmenistan Siriya Türkmenleri Sizinle !
Dr.Muhtar  FATİH 

 

Türkmenistan 13 ýyl bäri Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda abadançylykda ýaşaýar we ösýär.

2007-nji ýylyň fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze döwrüň syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu waka türkmen döwletiniň taryhyndaky täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.Siriya Türkmenlerynyň adyndan Size hem-de Türkmenistanyň halkyna prezidenti wezipesine 13 ýyllygynyň mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň! 

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, Siziň Alyhezreti­ňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa, Siziň parasatly ýolbaşçylygy­ňyzda mundan beýläk-de öňe ilerlemegi we abadançylyk arzuw edýärin.
Hormatlamak we sarpa goýmak bilen,

 2007 - 2020-nji ýyllar arasynda täze zawodlaryň, fabrikleriň, mekdepleriň, hassahanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, muzeýleriň hem-de kitaphanalaryň müňlerçesi, şol döwrüň içinde gurlan awtomobil ýollarynyň we polat ýollarynyň, turbageçirijileriň onlarça müň kilometri, Türkmenistanda öndürilen, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň ýüzlerçe hem-de millionlarça tonnalary, asyryň iri taslamalaryna goýlan milliardlarça maýa goýumlary ýatyr. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtly durmuşa eýe bolan ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipesini öňde goýmak bilen, täze döwlet ideologiýasynyň berkarar bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bolsa onuň esasyny düzdi.

Milli Liderimiz bitaraplyk syýasatynyň yzygiderliligini üpjün edip, dünýä we sebit meselelerini çözmekde Türkmenistanyň abraýyny hem-de ornuny ýokary galdyrdy. Şunda ýurdumyzyň daşary strategiýasy ykdysady netijeliligi hem-de milli maksatlaryň we bähbitleriň ileri tutulmagyny ugur edinýän pragmatik ugur bolmagynda galýar.

Biz öňde goýan beýik maksatlarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyza bil baglaýarys. Beýik maksatlara bolsa, diňe oýlanyşykly, döredijilikli işler, bedeniň we ruhuň kämilligi, ýeňişlere hem-de üstünliklere bolan uly ynam bilen ýetip bolar. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesiller bilen ýetilmejek menzil, bitirilmejek iş ýokdur diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça ugrunyň netijeliligi we yzygiderliligi energetika ulgamynda aýdyň ýüze çykýar. Döwrebap ählumumy meýilleriň çuňňur we toplumlaýyn seljermesine esaslanmak bilen, milli Liderimiz halkara bileleşigine energetika giňişliginde gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmegi teklip etdi.

Garaşsyz Bitarap Türkmenistan 13 ýyl bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaşaýar we ösýär. Geçilen ýyllaryň we gazanylan üstünlikleriň belentliginden garamak bilen biz Siriya Türkmenleri olarak ata watan Türkmenistan milli Liderimiziň saýlap alan hem-de halkymyzyň goldan strategik ugrunyň Türkmenistany ösüşiň täze ýoluna çykarandygyny buýsanç bilen aýdýarys. Bularyň hemmesi-hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen 13 ýylyň içinde alyp baran tutanýerli we köpugurly işleriniň aýdyň netijesi bolup, Gahryman Arkadagymyz tutuş dünýä bileleşiginiň öňünde milli bähbitleri häzirki döwrüň wehimlerinden goraýar.

“Goý, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň we ag­zy­bir hal­ky­my­zyň at-ab­ra­ýy we şan-şöh­ra­ty älem-ja­ha­na ýaň sal­syn! Goý, mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gyň röw­şen ýo­ly bi­len ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ynam­ly bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­sün! Goý, Türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra ab­ra­ýy Ýer ýü­zü­ne dol­sun! Ýa­şa­syn, eziz Wa­ta­ny­myz Türk­me­nis­tan! Ýa­şa­syn, ba­ky sars­maz Türk­men döw­le­ti! Ýa­şa­syn, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­ri! Ýa­şa­syn, Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan!”

Biz Siriya Türkmenleri olarak Ata Watanymyzyň Dost ve kardeş Türkmen halkını men şahsım ve Siriya Türkmenleri adına en içten duygularla gutlarım Türkmenistan´la varolan kardeşçe ilişkilerin gelecekte halklarımızın beklentileri doğrultusunda daha da güçleneceğine olan inancım tamdır. Bu fırsattan yararlanarak, Yüce Kişiliğinizin sağlık ve mutluluğu ile kardeş Türkmenistan halkının gönenç ve esenliği için en iyi dileklerimi sunarız. Ata Ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiziň mydama jany sag, ömri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli her bir tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

"Arkadagly Ataýurdum Türkmenistan SİRİYA TÜRKMENLERİ SİZİNLE !

ÖŇE, DIŇE ÖŇE, JAN WATANYM, ATA WATAN TÜRKMENISTAN!