DİĞER YAZARLARIMIZ
الدكتور مختار فاتح بي ديلي لكل انسان له وطن ,لكن ليس كل وطن لديه مصطفى كم
ايدين ناجييف حصيلة 44 يومًا من تاريخنا العسكري هي الحرب ال
الصحفي و الباحث هاشم محمدوف الإعداد لإتفاقية سلام بين أذربيجان وأرمي 
الدكتور مختار فاتح بي ديلي حقائق عن الغازي ..مصطفى كمال أتاتورك ..حياته ونضاله 
الدكتور مختار فاتح بي ديلي أذربيجان لؤلؤة القوقاز
الدكتور مختار فاتح بي ديلي ياقوتة حلب،عماد الدين نسيمي سُلخ جلده ح
فؤاد حسين زاده جرائم الحرب التي ارتكبها الجيش الأرمني في كنجة
Dr.Muhtar F.BEYDILI تركمانستان تحيي الذكرى 30 لاستقلالها
Mirsamir Mammadov İran rejimi her zaman bölgede ve dünyada terör yaratmaya çalıştı
المستشرق والباحث هاشم محمدوف أذربيجان والواقع الجديد بعد حرب التحرير
Dr.Muhtar F.BEYDILI Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy – Baky Bitaraplyk Buýsanjymyz, guwanjymyz, şöhratymyz, şanymyz
Dr.Muhtar F.BEYDILI رجال يأتي بهم التاريخ ورجال يصنعون التاريخ
الصحفي و الباحث هاشم محمدوف فاتح قره باغ وقبضته الحديدية
Dr.Muhtar F.BEYDILI Туркмены (огузы) «Туркмены Мира»
الدكتور مختار فاتح بي ديلي كي لا تنسى انتصارها... تركيا القلعة الأخيرة
الصحفي و الباحث هاشم محمدوف ممر زانغازور،إنجاز تاريخي لأذربيجان
سليمان اسماعيل بيلي مدينة اغدام الاذربيجانية بقى بدون سقف
هاشم محمدوف العلاقات الدبلوماسية و الإقتصادية بين اذربيجان 
Süleyman İsmayılbəyli مجزرة خوجالي
Elnur Mustafayev مأساة الإنسانية تتجلى في مجزرة خوجالي
عاقل علي عسكر- صحفي ومحلل سياسي إنشاء مركز مراقبة تركي روسي مشترك في قره باغ
Dr.Muhtar BEYDILI لم تتم محاكمة المسؤولين عن مذبحة 20 يناير في باكو
Mirsamir Memmedov Bakude yaşanmış 20 ocak katliamının sorumluları hayla yarqılanmadı
Lamiya İsazade Tarihi sefer, tarihi Zafer!
الاستاذ عبد الحميد خلف الابراهيم حاج نعسان آغا
Lamiya İsazade Dağlıq Qarabağ Münaqişəsi Artıq Keçmişdə Qaldı
Dr.Muhtar BEYDILI ماذا حدث في موسكو اثناء اجتماع بوتين علييف
Dr.Muhtar BEYDILI Biz Halab Türkləri olarak İnanırıq və əminik ki, Azərbaycanın ərazi bütövlüyünün Türkiyə-Azərbaycan Birliyi təmin edəcəkdir.
Dr.Muhtar BEYDILI Oğuz Kağan Bozok Kolunun Günhan Oğullarının Alkırevli-Alkarevli Elbeyli Türkmenleri
Suphi Saatçi Türkmeneli Coğrafyasının Bekçileri Türkmen Gençleridir
Dr.Muhtar BEYDILI BİRLİKTE TAHRİRE DOĞRU YOL ALALIM TÜRKMEN GENÇLERİ BUGÜN BİZİM GÜNÜMÜZDIR
Prof.Dr.Mustafa Kafalı Suriye Türkleri: Fırat’ın Doğusu da Türk, Batısı da
Prof.Dr.Mustafa Kafalı Suriye’de Türkmen Köyleri ve Ankara Antlaşması Hükümleri
AYŞE HÜR Meğerse Suriye'de Türkmenler yaşarmış!
Dr.Muhtar BEYDILI Arkadagly Ataýurdum Türkmenistan Siriya Türkmenleri Sizinle !
Dr.Muhtar BEYDILI الشاعر التركماني مختوم قولي
Doç.Dr.Enver ÇAKAR XVI. YÜZYILDA SURİYE TÜRKMENLERİ
Nevin Balta Türkmen Yerleşimi Halep, Gaziantep ve Kilis
Prof.Dr.Abdulhalik BAKIR KUZEY SURİYE’DEKİ TÜRKMEN YERLEŞİMLERİNİN ÇAĞDAŞ TARİHİ VE STRATEJİK ALTYAPISI ÜZERİNE GENEL BİR DEĞERLENDİRME***Türk Dünyası Araştırmaları
Prof.Dr.MEHMET EROL Halep Türkmenleri Halk Kültürü Araştırması
Dr.Muhtar BEYDILI Türkmenler Çok Zor Durumda! Hayatta Kalma Mücadelesi Veriyorlar.
Dr.Muhtar BEYDILI حكاية التركمان في بلاد الشام التي لم تحكى بعد
Ayfer GÜLER Suriye’de Türklüğün Gür Sesi: Genç Türkmenler
Dr.Muhtar BEYDILI Suriye Türkmen Dağı'nda yaşayan Bayırbucak Türkmenleri
Dr.Muhtar F.BEYDILI “Dünya durdukça Türkmenistan yaşasın”
Aydın BALCI AFRİN'DE TÜRK­MEN­LER ve REJİMİN TÜRK­MEN­LE­RE KARŞI GENEL TU­TU­MU
Dr.Muhtar F.BEYDILI
Suriyeli Türkmenler 07.10.2021 - TÜRKMENLERİÑ GARAŞSYZLYK RUHY GALASY - GÖKDEPE GALASY
 
 
 
 
 
 
 
 
TÜRKMENLERİÑ GARAŞSYZLYK RUHY GALASY - GÖKDEPE GALASY
  
Milli taryhy öwrenmek, halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak we dünýäde wagyz etmek döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri bolup дурйар.
 
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halkynyň dürli wakalara iňňän baý taryhy bardyr.
ХIХ asyrdan, has hem onuň ikinji ýarymyndan başlap türkmen topragy basybalyjylykly söweşleriň arenasyna öwrülipdir. Şeýle uruşlaryň iň bir gan döküşiklileriniň biri-de ХIХ asyryň 70-80-nji ýyllarynyň sepgidinde bolan meşhur Gökdepe söweşidir.
 
Synany bäri bir asyr otuz üç ýyl başyndan geçiren Gökdepe galasynyň harabaçylygy ahmyr bilen içini tutup, ýere siňip ýatyr.
Müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan gojaman taryhymyzyň şaýatlyk etmegine görä, türkmen halky özüniň ata-babalaryndan dowam edip gelýän özboluşly milli däp-dessurlaryna, ruhy gymmatlyklaryna, dinine, diline uly sarpa goýýandygy, öz mukaddeslikleri üçin, gerek bolsa şirin janyny orta goýmagy başarýan halkdygy bilen dünýäde tanalýar.
Gahryman Gökdepe galasynda Watan üçin şirin janlaryny gurban eden, duşmana garşy, mertlerçe söweşen gerçekler ýatyr.
Gökdepe galasynyň düýbi takmynan 1877-nji ýylda tutulypdyr diýen maglumatlar bar. Galanyň gurluşygyna Berdimyrat han bilen Orazmämmet han ýolbaşçylyk edipdir.
 
 
Galanyň gurulmagy üçin Diňlidepäni saýlap alynmagynyň birnäçe sebäpleri bar, ýagny, depäniň üstüne çykyp galanyň daşynda bolup geçýän wakalara uzakdan gözegçilik etmek mümkinçiligi bolupdyr.
Esasy sebäpleriň biri hem Sekizýabyň gollarynyň birnäçesi Diňlidepäniň golaýyndan geçipdir. Ruslar suwy kesäýen ýagdaýynda-da galanyň içinde süýji suwly guýulary gazmak mümkinçiligi bolupdyr.
 
Galanyň meýdany 100 gektar töweregi bolup, diwarlarynyň beýikligi 7 metre barabardyr.
Diwarlarynyň teýiniň galyňlygy 10-11 metre çenli, ýokarsynyň galyňlygy 5-6 metre çenli bolup, iki atly araba ýöräp geçip bilmek mümkinçiligi bolupdyr. Galanyň diwarlarynyň uzynlygy 4378 metre ýetýär.
General Lomakiniň ýazan hatyny ahal-tekeler maslahatda okaýarlar. 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda Lomakiniň goşuny gelende gala doly gurlup gutarylmaýar. Şoňa garamazdan edermen ahalyň ilaty rus goşunlaryny gaýduwsyzlyk bilen yzyna gaýtarypdyrlar. Bu rus patyşasy üçin diýseň masgaraçylykly ýagdaý bolupdyr.
Rus patyşasy ikinji gezek harby ekspedisiýasyny gurnaýar. Oňa hem rus-türk urşunda ýakasyny tanadan general Skobelew naçalnik bellenýär. Skobelewiň goşuny gelýänçä galanyň gurluşygyny doly tamamlaýarlar.
Gökdepe galasy 1879-njy ýylda bary-ýogy birnäçe aýyň dowamynda Diňlidepe töwereginde gurlypdyr. Gala tutuş ahalyň ilaty jemlenipdir. Galanyň çäginde 45 000-e golaý adam, 7 000-den 10 000-е çenli atly jemlenipdir.
Men diýen urşa gatnaşan ýigitler 20-25 müňe golaý bolupdyr. Ýaraglar 2 sany mis topdan, 2 sany çoýun topdan (zenburek),5 000 sany tüpeňden (olaryň 500-si çalt atýan tüpeň) ybarat bolupdyr.
Galany goraýjylaryň galanlary bolsa gylyçlar, pyçaklar we gyrkylyklar bilen ýaraglanypdyr.
Gökdepe galasyny zabt etmek üçin rus goşuny tarapyndan 45 rota, 11 ýüzlükler we eskadronlar, 11 sany karteçnisa, 4 sany mortira jemlenilipdir. Bütin gabawyň dowamynda 450 sany raketa, 607816 sany ok, 8657 top oky atylypdyr. Gökdepe galasy nädogry dörtburçluk şekilinde bolup, onuň birnäçe çykalgalary bolupdyr. Galanyň ýakynynda 3 sany kiçi galalar bolan.
Olaryň atlary Pürli, Türküstan, Awçy galalarydyr. Ilki rus goşunlary şol galalary eýeläpdirler, soňra şol galalaryň diwarlarynyň üstüne çykyp, uly galanyň içindäki bolup geçýän wakalardan habarly bolupdyrlar.
 
 
 
 GÖKDEPE GALASYNYÑ SYNMAGYNYÑ WE TÜRKMENISTANYÑ KOLONIAL GARAŞLYLYGA DÜŞMEGINIÑ ÝAS GÜNI
Gökdepe galasy 1881 ýylyñ 12-nji ýanwarynda weýran edilýär. General Lomakiniñ baştutanlygyndaky birinji çozuşlary şowsuz gutaran rus basybalyjylary bu masgaraçylykdan çykmak üçin 1880 ýylda ikinji gezek Türkmen topragyna çozup girýärler. Bu gezek rus goşunlaryna rus-türk urşunda agressivlikde we rehimsizlikde ýakasyny tanadan, şöhratparaz we gedem general Skobelev baştutan bellenilýär. Ol öz basybalyjy, ganhor patyşasynyñ ynamyny ödemek üçin hiç zatdan gaýtmajakdygyny entek Peterburgdaka belli edipdir. Döwürdeşleriniñ bellemegine görä, general Skobelev türkmenleriñ hemmesiniñ Gökdepe galasyna ýygnanyp, goranyş urşuny alyp barmaklaryny Hudaýdan diläpdir. Sebäbi ol ors goşunlarynyñ türkmenleriñkiden has gowy ýaraglananlygyny oñat bilipdir we uzaga atýan agyr toplaryny ulanmaga mümkinçilik alsalar, onda hökman ýeñjekdiklerine ikirjiñlenmändir.
Döwürdeşleriniñ şaýatlyk etmeklerine görä, general Skobelev Gökdepe galasyny gana gark etmegi we şeýdibem ruslaryñ milli gahrymanyna öwrülmegi arzuw edipdir. Şonuñ üçinem ol türkmenleriñ gaça uruş, ýagny partizançylyk taktikasyny däl-de, gala gaplanyp, goranyş usulyny saýlap almaklaryny isläpdir. Çünki rus goşunlary özleriniñ ýarag taýdan artykmaçlyklaryny diñe galanyñ garşysyna ulanyp biljekdiler. Eger-de türkmenler gaça uruş taktikasyny saýlap alsalar, onda süýräp gelen köpsanly agyr toplarynyñ ruslara peýdasy degjek däldi. Üstesine-de türkmenler öz ýurtlaryna belet, gaça urşa-da ökdediler.

Gökdepe galasynda geçirilen Uly Halk maslahatynda parasatly Hanmämmet atalyk bilen Orazmämmet serdaryñ öwüt-ündewleri geçmän, rus goşunlary bilen uruşmaly diýlen karara gelnensoñ, galany goramagyñ baştutanlygy dört sany serdara ynanylýar. Emma uruş başlanyp, gündelik durmuş harby ýagdaýa tabyn edilensoñ, Gökdepe galasynyñ goragynyñ serkerdeligi iş ýüzünde diñe bir adamynyñ – alamançy Dykma serdaryñ elinde jemlenýär.

Harby sungatyñ nukdaý nazaryndan garanyñda, bu şowsuzlykdy, alaman serdaryna galanyñ goragyny ynanmak – betbagtlyga el bulamakdy. Sebäbi Dykma serdaryñ uruş we serdarlyk tejribesi diñe duýdansyz çozuşlardan hem yzyndan gelýän kowgulardan gaçyp gutulmakdan ybaratdy. Ol şondan öñ hiç haçan gala gorap gören adam däldi.

Netijede Dykma serdar Gökdepe galasynda ilkibaşdan işanlaryñ täsiri astynda kabul edilen ýalñyş uruş taktikasyny iñ soñuna çenli üýtgewsiz dowam etdirýär. Ol taktika – galada jemlenip, goranmakdan hem galany gabap ýatan duşmanyñ üstüne duýdansyz we yzygiderli çozuşlary geçirmekden ybarat bolupdyr. Galada uzaga atýan güýçli toplar bolmansoñ, bu meselede goraýjylar basybalyjylar bilen bäsleşip bilmändirler. Galany goraýjylryñ elinde diñe ýekeje top, ýagny Marydan gelen kömekçi goşunyñ getiren saryja topy bar eken. Ol 1860-njy ýylda Marynyñ üstüne çozup gelen Eýran goşunlaryndan üstün çykylanda, Gowşut hanyñ ”Gajar urşunda” Hemze Mürzeden olja alan toplarynyñ biri eken. Gökdepe galasynda şol saryja top ulanylypdyr, ýöne kiçeñräk bolany üçin ondan atylan oklar hiç haçan duşmanyñ üstüne ýetmändir, has bärde ýere gaçypdyr. Şonda-da galany goraýjylar onuñ barlygyndan ruhlanypdyrlar. Gökdepe urşuna gatnaşanlaryñ galdyran ýatlamasyna görä, her gezek saryja top atylanda türkmenler ”jana-a-a-a!” diýşip gygyrýan ekenler.

Öz üstlerine gije-gündiz ok ýagdyrýan döwrebap duşman artilleriýasynyñ garşysyna goýmaga galany goraýjylarda başga serişde bolmandyr. Türkmenleriñ gündizki çozuşlary-da basybalyjylar üçin ullakan bir howp döretmändir. Sebäbi ruslaryñ elindäki ýaraglar türkmen esgerleriniñkiden onlarça esse kämil eken.

Gökdepe urşunda ruslar üçin iñ gorkulysy – türkmenleriñ gijeki duýdansyz çozuslary bolupdyr. Duýdansyz çozuşlara kim ökde? Elbetde, alaman serdary Öwezmämmet Dykma. Çünki alamançylyk büs-bütin duýdansyzlyga esaslanýan söweş taktikasy. Hut şol sebäpdenem uruş hereketleri güýjäp ugransoñ, Gökdepe galasyny goramagyñ Baş serkerdeliginiñ öz-özünden Dykma serdaryñ elinde jemlenmegi geñ däldir. Bu kimiñdir biriniñ islegine görä bolup geçen zat däl-de, eýse tebigy zerurlygyñ getiren şowsuz netijesidir.

Baş serkerdelik ikinji Gökdepe urşunyñ öñ ýanynda örän gümürtik ýagdaýda wepat bolan parasatly Nurberdi han, galyberse-de, Orazmämmet serdar, Hanmämmet atalyk ýaly has öñdengörüji kişiniñ elinde bolup, Dykma serdar hem duşmanyñ üstüne diñe duýdansyz çozuşlary gurnamak bilen meşgullanan bolsa, onda Gökdepe galasynyñ gahrymançylykly goralyşynyñ soñy agyr ganly tragediýa öwrülmese-de öwrülmezdi.


Ahal topragynda, Gökdepe galasynyñ eteginde we basybalyjylar tarapyndan gana gark edilen galanyñ içinde XIX asyryñ soñunda bolup geçen söweşlerde türkmenler halk hökmünde köpçülikleýin gahrymançylyk görkezipdirler. Bu uruşda türkmenler özleriniñ gaýduwsyz hem edenli, başarjañ hem örän batyr halkdygyny subut edipdirler. Türkmenleriñ haýran galaýmaly söweşjeñlik we beýik ahlak sypatlary hakda birinji Gökdepe urşunda rus goşunlaryna serkerdelik eden general Lomakin 1879 ýylyñ 15-nji sentýabrynda şeýle ýazýar: ”Bir zady hökman bellemeli, tekeleriñ ajaýyp gylygy bar – näçe pul berseñ-de, olaryñ arasyndan hakynatutma dönük tapjak gümanyñ ýok. Olarda öz halkyna wepalylyk şeýle bir güýçli welin, hiç hili sowgat, hiç hili haýbat bilen olary syrlaryny açmaga mejbur edip bolanok, şonuñ üçinem bar bilýänimiz diñe öz goşunlarymyzyñ bilip bilen zatlary. Tekeleriñ güýjüne we ýeñilmezekligine berk ynanýandyklary üçin goñşy ýomut-gökleñlerden hem içaly tutup, tekeleriñ arasyna ibermäge içaly tapyp bolanok.”

Şol hatynda general Lomakin ýene-de şeýle ýazýar: ”Bu gün tekeler bize görülmedik, iñ gowy Europa goşunlaryna laýyk garşylyk görkezdiler.” Öz hatynda Lomakin türkmen esgerleriniñ mergenligini-de boýun alýar: ”Tekeleriñ mergenligini gözden salmak mümkin däl – olaryñ atan oky boş geçenok, bizden ölenleriñ köpüsiniñ döşünden ok degendigi we ýaralylarymyzyñ hem köpüsiniñ döşünden ýa-da garnyndan ok degendigi – munuñ subutnamasydyr; olaryñ sowukganlylyk bilen gowy çenäp atýandyklary görnüp dur.”


Şol gün Diñli depäñ töwereginde we onuñ alkymyndaky harazda bolup geçen aldym-berdimli söweşi ýatlap, rus generaly ýene şeýle ýazýar: ”Galadan hem onuñ golaýyndaky harazdan tekeleri naýzalaryñ güýji bilen kowup çykarmaly boldy. Harazyñ goragçylaryndan çen tutup, türkmenleriñ nähili berk durmagy ýüreklerine düwendiklerini añsa bolýardy, diñe ölüm olary atyşmagyny bes etdirip bilýärdi.”

Gökdepe urşunda türkmenler gürrüñsiz ahlak ýeñşini gazanýarlar, olar öz ýurtlaryny gorap janlaryndan geçmäge taýýardyklaryny subut edýärler. Basybalyjylaryñ üstünligini üpjün eden faktorlar: olaryñ öñdebaryjy ýaraglary we döwrebap harby tälim alan nyzamly goşunlary hem harby sungatdan gowy baş çykaran serkerdeleriniñ bolanlygy.

Bu meselede Gökdepe galasyny goraýjylaryñ üpjünçiliginiñ basybalyjylaryñkydan has pesde bolmagynda ýönekeý halkyñ, türkmen esgerleriniñ günäsi ýok. Olar galanyñ etegindäki çaknyşyklarda we gala ýykylan güni onuñ içinde öz topragy, maşgalasy, bala-çagasy, öý-öwzary, mal-mülki üçin mertlerçe durup, soñky demlerine çenli söweşipdirler.

Gökdepe urşunda türkmenleriñ ors basybalyjylaryndan ýeñilmeginiñ sebäbini türkmen jemgyýetiniñ ösüşde ors jemgyýetinden has yza galanlygyndan gözlemeli. Orsýet öz wagtynda Europanyñ iñ ösen ýurtlaryndan ylym-bilim öwrenipdir, dürli ugurlar boýunça, şol sanda harby ugurdan-da, europaly hünärmenleri çagyryp, Europa derejesindäki öñdebaryjy armiýany döredipdir, ony döwrebap ýaraglandyrypdyr. Türkmenler bolsa bu kuwwatly harby maşynyñ garşysyna diñe öz şahsy gahrymançylygyny hem gaýduwsyzlyklaryny, fiziki tälimlerini goýup bilipdirler. Netijede galany goraýjylaryñ köpçülikleýin gahrymançylygyna garamazdan, ahyr netijede uruş harby üpjünçilik taýdan uly artykmaçlygy bolan basybalyjylaryñ peýdasyna gutarypdyr.

Emma bu ýeñliş türkmenleriñ Gökdepe urşunda görkezen deñi-taýy bolmadyk köpçülikleýin gahrymançylygynyñ ähmiýetini birjik-de peseltmeýär. Tersine, harby üpjünçilik taýdan has rüstem, dişine çenli ýaraglanan duşman bilen bolan söweşlerde görkezileni üçin bu gahrymançylygyñ taryhy ähmiýeti has-da artykdyr.

Bur uruşdaky gyrgynçylygyñ jogapkärçiligi basybalyjy rus patyşasynyñ hem onuñ Skobelev tetelli ganhor generallarynyñ, şeýle-de galanyñ goragyna deñli-derejeli baştutanlyk edip bilmedik türkmen serdarlarynyñ, galyberse-de, harby işlerden, şol döwürdäki degişli syýasy ýagdaýdan asla baş çykarmaýan hallaryna urşuñ harby taktikasyna we syýasata gödeklik bilen gatyşan işanlaryñ üstüne düşýär.


Hut şol dar düşünjeli işanlaryñ güýçli täsiri astynda serkerdeler bu uruşda ilkibaşdan ruslaryñ üstün geljek taktikasyny saýlap alýarlar, Dykma serdar bolsa ony iñ soñky logiki nokadyna ýetirýär. Dykma serdar işanlaryñ maslahatyna uýup, galadan çykmaly däl, soñky damja ganymyza çenli galany goramaly diýip buýruk berýär. General Skobeleve-de, başda belleýşimiz ýaly, geregi-de şol eken. Ol uzaga atýan agyr toplaryny edil galanyñ alkymynda gurup, galany yzygiderli top okuna tutýar. Netijede galadaky urşujylardan we parahat ilatdan birnäçe müñüsi irginsiz ýagdyrylýan top oklarynyñ astynda gurbany bolýarlar. Gyssagara-da gazylan tümler (ýer döleler) parahat ilaty top okundan asla gorap bilmändir.

Agyr ýitgilere garamazdan, türkmenler galany goramagy dowam etdiripdirler. Olaryñ gijeki duýdansyz hüjümleri bolsa, basybalyjylaryñ hatarlarynda dowul döredipdir. Şol hüjümlere erkekler bilen bir hatarda türkmen aýal-gyzlary-da gatnaşypdyrlar. Olaryñ käbiri bu söweşlerde gahrymanlarça wepat bolupdyr.

Gündizki aýgytly hüjümde türkmenler bir gezek duşmany agyr aljyraññylyga salýarlar. Şonda olar ruslaryñ garymda ýatan birinji hataryny çym-pytrak edip, gaçmaga mejbur edýärler. Bu söweşde türkmenler köp sanly ýarag olja alyp, üstesine-de Apşeron polkunyñ söweş baýdagyny-da ele salýarlar. Söweş baýdagyñy aldyrmak uruşda ýeñilmek bilen barabar görülýän masgaraçylyk hasap edilýär.

Onsoñ ýüzbe-ýüz uruşda türkmenlerden asgyn gelen rus goşunalry galany almak üçin harby hilegärlige ýüz urýarlar. Olar assyrynlyk bilen garym gazyp, galanyñ diwarynyñ düýbünde ummasyz köp mukdarda däri goýýarlar. Galanyñ goragyna serkerdelik eden Dykma serdar duşmanyñ bu harby mekirligine düşünmändir, bu hilegärligiñ üstüni açyp, wagtynda onuñ öñüni alyp bilmändir. Netijede 1881 ýylyñ 12-nji ýanwarynda basybalyjylar galanyñ diwaryny partladyp, onuñ içine çozup giripdirler.

Söweş aýylganç hem örän gandöküşikli bolupdyr. Basybalyjylar ululara-da, çagalara-da, aýal-gyzlara-da, garry-gurtulara-da rehim etmändirler. Galany goraýjylar her bir öý ugrunda söweşip, baş goýupdyrlar. Türkmen ýigitleri edil aç arslan ýaly söweşipdirler. Olaryñ gahrymançylygyna, gaýduwsyzlygyna duşmanlaryñ özleri-de haýran galypdyrlar.

Gala ýarylansoñ, onuñ içindäki ilatyñ arasynda dowul döräpdir, halk galany taşlap, başly-barat guma gaçypdyr. Duşmanlar çakyr aýazly gyş güni dowla düşüp, gaçyp barýan eli çagaly naçarlary, garry-gurtulary, ýetginjekleri yzlaryndan ýetip, gylyçdan, naýzadan geçiripdirler. Hiç kese rehim edilmändir. Harby taýdan asla zerurlyk bolmasa-da, orslar guma gaçyp barýan eli ýaragsyz, garawsyz ilaty 10-15 kilometr yzarlap, gyryp gidipdirler. Bu wagşy kowga general Skobeleviñ hut özi ýolbaşçylyk edipdir. Onuñ gözi gandan doýmandyr. Gala ýykylan güni ol öz goşunlaryna ”ýesir almaly däl” diýip buýruk beripdir. Skobeleviñ bu wagşy buýrugyna esaslanyp, ors goşunlary şol gün ýaraly esgerleri-de, ýeñijiler üçin asla howply bolmadyk eli ýaragly ýetginjekleri-de gyrypdyrlar. Şonuñ üçinem türkmenler Skobeleve ”gözi ganly general” diýip at goýupdyrlar.

Gökdepe galasy goralan we soñra onuñ ýykylan günleri aýylganç gyrgynçylygy öz gözleri bilen gören türkmenleriñ hem ynsaply rus ofiserleriniñ galdyran ýatlamalaryndan, şeýle-de Ahal topragynyñ ilatynyñ uruşdan öñki we soñky sanyndan çen tutsañ, Gökdepe urşunda 30 müñe golaý adamynyñ wepat bolanlygyny çak etse bolar.

Uly gyrgynçylyga garamazdan, türkmenleriñ Gökdepe galasyndaky görkezen gahrymançylygy taryhda ýitmejek yz galdyrýar. Gökdepe söweşi watana wepalylygyñ we gaýduwsyz batyrlygyñ simvolyna öwrülýär we Orta Azyýadan has uzaklara ýaýraýar. Türkmenleriñ rus goşunlaryna berk gaýtawul berendikleri hakyndaky habar hatda Europa çenli-de baryp ýetýär. Şonda alys Europanyñ paýtagtlarynda ilkinji gezek türkmenleriñ gaýduwsyzlygy we gahrymançylygy dogruda gürrüñ edilýär.

Gökdepe galasy synandan soñ Türkmen topragynyñ doly basylyp alynmagyna giñ ýol açylypdyr. Şondan üç ýyl geçensoñ, türkmenleriñ harby taýdan ikinji güýçli merkezi bolan Mary topragy-da basybalyjylara gutarnykly boýun egdirilipdir. Marynyñ rus patyşasyna uruşsyz boýun egmeginde Nurberdi hanyñ aýaly, Marynyñ hany Güljemal han we ogly Magtymguly han uly rol oýnapdyrlar. Gökdepe galasy goralýarka iñlisleriñ ozalky wadalaryndan dänip, türkmenlere harby kömek bermezligi-de Marynyñ Russiýanyñ düzümine meýletin girmegine sebäp bolan syýasy ýagdaýlaryñ biridir. Türkmen han-begleri iñlisleriñ boş wadalaryna ynanmaklaryny bes edipdirler.

Hywa we lebap türkmenleri ondan has ozal rus patyşasynyñ gulçulygyna düşüpdirler. Çünki olar Hywa hanlygynyñ we Buhar emirliginiñ düzüminde ruslara tabyn edilipdirler. Netije-de Gökdepe galasynyñ ýykylmagy Türkmen topragynyñ doly kolonial garaşlylyga düşmegine getiripdir. Bu elgaramalyk soñra 110 ýyllap dowam etdi. 1881 ýylyñ 12-nji ýanwary türkmenleriñ halk hökmünde erkinliginiñ syndyrylan günüdir.

Sovet döwründe Gökdepe galasynyñ ýykylmagynyñ ýasyny tutmak-da, galanyñ gahrymançylykly goralyşyny we onuñ tragediýasyny asla ýatlamak-da bolanokdy. Bu gadagandy. Diñe geçen asyryñ 80-nji ýyllarynyñ ortasynda SSSR-de Üýtgedip gurmak syýasaty başlanansoñ, bu barada dil ýarmak mümkin boldy. Ilkinji bolup bu meseläni Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi gozgady. Gökdepäniñ ýaşululary we ýerli ilat bilen ylalaşyp, ”Agzybirlik” 1990 ýylyñ 14-nji ýanwarynda ilkinji gezek Gökdepe galasynyñ synmagynyñ, türkmen topragynyñ rus patyşasy tarapyndan basylyp alynmagynyñ Ýas gününi belledi. Türkmenistanyñ dikmesi şonda bu çäräni geçirmegi gadagan etdi.

Soñkusy ýyl Türkmenistanyñ kommunistik häkimýetleri ”Agzybirligiñ” döwletli we batyrgaý başlangyjyna eýe çykyp, bu senäni resmi taýdan bellemegi girizdiler. Olary bu ädime iteren zat – aýaklarynyñ aşagyndan daýançlarynyñ gidip barmagy hem-de ”Agzybirligiñ” il içinde abraýynyñ göterilmegi boldy. Kommunistik häkimýetler bu meselede: ”Eger-de hereketiñ öñüni alyp bolmasa, oña ýolbaşçylyk et!” diýen hilegär syýasatdan ugur aldylar we bu senäni resmi taýdan bellemegi girizdiler.
 
Äpet gala — ýalňyz doganlyk mazary. Onuň ýumrulan diwarlarynyň astynda öz mukaddes topragynyň azatlygy, erkinligi ugrunda başyny goýan müňläp merdana gojalar, ýigitler, aýal-gyzlar, çagalar ýatyr.
Gala hem ony goraýjylar barada indi bir asyrdanam gowrak wagt bäri köp gürrüňler edilip gelinýär. Bu aýylganç gyrgynçylygyň sebäpleri barada, günäkärleri barada gürrüň edildi. Türkmen halkynyň taryhynda aýgytlaýjy etaplaryň biri bolan Gökdepe gyrgynçylygy baradaky hakykaty öwrenmek sözüň doly manysynda gadagan edilenem bolsa, ol hakda faktsyz her dürli netijeler çykarmakdan çekinilip durulmady. Taryhy sud etmek derejesine barlyp ýetildi.
Birleri Gökdepe gyrgynçylygy din hadymlarynyň, han-begleriň zähmetkeş halkyň boýnuna dakan zady diýdi, başga birleri halky basybalyjylara garşylyk görkezmek-de günälemek derejesine baryp ýetdi.
 
Birleri ähli ilaty Gökdepe galasyna ýygnamak bilen tekeler uly ýalňyşlyk goýberdi, ilatyň gyrylmagyna hut şu ýagdaý sebäp boldy diýip tassyklasa, başga birleri teke hanlaryny, serdarlaryny iňlis emissarlarynyň oýnawajyna öwrülen adamlar hasaplady.
Birleri Ahal oazisini Russiýanyň sostawyna parahatçylykly ýol bilen birikdirmäge mümkinçilik bardy diýse, başga birleri şeýle mümkinçiligiň bolandygyny inkär etdi. Birleri Ahalyň basylyp alynmagyny onuň koloniýa öwrülmegi hasap etse, ýene birleri ony Türkmen halkynyň taryhynda progressiw rol oýnan waka hasaplady. Iň ahyrda hem Ahalyň zorluk bilen basylyp alynmagyny Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmeginiň prosesinde, ýerli ähmiýete eýe bolan çaknyşyk hasap edip, tutuş Türkmenistan Russiýa meýletinlik bilen birleşdi diýip tassyklamaga barlyp ýetildi.
 
Gökdepe wakasy ýaly çylşyrymly, tutuş ýurduň, tutuş halkyň ykbalynda aýgytlaýjy rol oýnan taryhy wakalara haýsydyr geldi-geçer syýasy bähbitler nazaryýetinden ýa-da haýsydyr bir aýrylykda alnan anyk mesele nazaryýetinden baha bermek nädogry bolar.

 

 
Nähilidir birtaraplaýyn netije çykarmak nädogry bolar.
Gökdepe wakalarynda din hadymlarynyň, han-begleriň uly rol oýnandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Sebäbi şol döwrüň taryhy şertlerinde başgaça bolmagy mümkin däl ahyry.
Ilaty Gökdepe galasyna göçürip getirmekde, galada saklamakda hanlaryň, serdarlaryň zorluk ulanandygyny hem hiç kim inkär edip bilmez. Ýöne munuň synpy bähbit aralyp däl-de, umumy halk, watan bähbidi üçin edilendigini hem hiç kim inkär edip bilmez. Belki, ähli ilatyň Gökdepe galasyna ýygnanmagy ýalňyşlyk bolandyr.
 
Ýöne bir gala jemlenen halky basybalyjylaryň uçdantutma gyrmaga haky bar diýibem hiç kim aýdyp bilmez. Munuň özi gyrany däl-de, gyrlany günälemek ahyry. Eger şeýle nazaryýetden seretjek bolsaň, 140 müňdenem köp adamyň göz ýumup-açar salymda gyrylmagyna Hirosimanyň üstüne ilkinji atombombasyny taşlan amerikan imperialistleri däl-de, bir şähere şonça bolup üýşen adamlaryň özleri günäkär bolup çykýar-da!
Ahalyň, tutuş Türkmenistanyň Russiýa parahatçylykly ýol bilen birikdirilmek mümkinçiliginiň bolandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Belki, şeýle mümkinçiligiň elden giderilmegine tekeleriň özleriniňem sebäp bolan ýerleri bardyr.
Olaryň rus kerwenleriniň üstüne çozan wagtlaram bolupdyr. Teke hanlarynyň ruslar bilen gepleşik geçirip, öz tiredeşlerine diýenlerini etdirip bilmedik, gepleşigiň şertlerini berjaý edip bilmedik wagtlaram bolupdyr.
 
Ýöne aňyrdan gelen basybalyjylara sadyklyk bilen boýun egmändigi, «parahatçylyk bilen birleşmändigi», öz ýurduny, öz azatlygyny goramak üçin garşylyk görkezendigi üçin Türkmen halkyny günälemek bolarmy?
Haýsy halkyň ikinji bir halky onuň «meýletinlik bilen birleşmändigi» sebäpli basyp almaga, gyrgyna bermäge haky barmyş? Basyp almaga hiç kimiň haky ýokdur, öz azatlygyny goramak bolsa her bir halkyň mukaddes borjudyr.
Türkmenistanyň basylyp alynmagynyň Gökdepe wakalarynyň hut yzysüre käbir progressiw netijeleriniň bolandygyny hem hiç kim inkär edip bilmez. Türkmen halky şondan soň ençeme obalaryň ilatynyň gulçulyga sürlüp boşap galmagyna sebäp bolan alamançylykdan dynypdyr.
Ýöne, birinjiden-ä, Türkmenleriň alamançylyk bilen meşgullanandygy kimdir biriniň olaryň ýurduny basyp almaga hakynyň bardygyny aňlatmaýar. Eger şeýleboljak bolsa, Russiýa Eýrany hem basyp almaly bolardy.
 
SebäbiTürkmenlerem kürtleriň, parslaryň alamanyndan olardan az ejir çekmändirler. Ikinjiden, Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmegi alamançylygyň galmagyny tizleşdirdi diýilse, hakykata has golaý bolardy.
Her bir zat taryhy şertlere laýyklykda döreýär, her bir zat taryhy şertlere laýyklykda ýitip gidýär. Alaman Türkmenleriň oýlap tapan zady däl. Gulçulyk döwrüniň galyndysy. Ol Türkmenlerde hem eýýäm möwritini geçirip barýardy.
Türküstanyň, Hywanyň ruslar tarapyndan basylyp alynmagy Türkmenleri eýýäm gul bazarlaryndan mahrum edipdi. Türkmenler bolsa özleri saklamak üçin gul, gyrnak getirmän, satmak üçin getiripdirler. Iň esasysy bolsa alamançylygyň geografiki çäkleri daralyp gelýärdi.
 
Hamala, Gökdepe gyrgynçylygy ýerli ähmiýete eýe bolan çaknyşyk bolupdyr, tutuş Türkmenistan bolsa Russiýa meýletinlik bilen birigipdir diýip tassyklaýan adamlaryň taryhy hakykaty bilkastlaýynlyk bilen ret edýändigine ýa-da taryhdan ýekeje setir okamandygyna göz ýetirmek kyn däl.
 
Gökdepe galasynyň alynmagy ýerli ähmiýete eýe bolan çaknyşyk däldi. Gökdepede tutuş Türkmenistanyň, külli Türkmeniň ykbaly çözülipdi. Hatda Skobelew, Grodekow, Kuropatkin ýaly diňe Ahalyň boýun egdirilmeginde däl, Russiýa imperiýasynyň harby durmuşynda uly rol oýnan adamlar Gökdepe galasynyň alynmagyna tutuş Türkmenistanyň boýun egdirilmegi hökmünde garapdyrlar. Munuň özi hakykatdanam şeýle bolupdy.
Soňra 1884-nji ýylda Maryda bolan «geňeşiň» netijesi hem 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Gökdepede çözülipdi.
 
Gökdepe galasyny goraýjylar ýeňlenem bolsalar, öz ýurduny, azatlygyny gorap saklap bilmedigem bolsalar, basybalyjylary özbaşdak bir ýurdy, özbaşdak bir halky basyp alandyklaryny ykrar etmäge mejbur etdiler. Olar diňe alamançylyk bilen meşgullanyp, göçüp-gonup ýören wagşy taýpalary mugyra getirmändiklerini, Türkmenistan diýen bir ýurdy basyp alandyklaryny dünýä jar etdiler. Grodekowyň dört tomdan ybarat memuarlarynyň «Türkmenistanda bolan uruş atlandyrylmagy» şuny subut edýär.
Onuň üç tomy 1883-nji ýylda çykypdy, ol wagtlar entek Marydaky «geňeş» bolmandy, Türkmenistan heniz Russiýa «meýletin birikmändi».
 
Gökdepe söweşinde erkinlik, azatlyk, garaşsyzlyk üçin gara başlaryny orta goýan gerçeklerimiz nesillere edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny miras goýupdyrlar.
 
Gökdepe söweşi öz ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryna görä ýaşamak, öz ykbalyňy kesgitlemek, öz ösüşiniň taryhy ýoly bilen öňe gitmek hukugy ugrunda biziň halkymyz üçin ýowuz synag boldy. Gökdepe galasynyň gahrymanlarynyň arasynda türkmen zenanlary, ýaşulylar we çagalar hem bolup, olar deň bolmadyk uruşda gaýduwsyz söweşip şehit boldylar.
 
 
Bu gün olary tutuş dünýä bilýär, olaryň gahrymançylygy we edermenligi barada mukamlardyr sazlar düzülip, olaryň keşpleri ençeme sungat eserlerinde şekillendirildi. Şeýle-de, Gökdepe etrabynyň «Сапармырат хаjы» metjidiniň golaýynda ýadygärligiň bir bütewi binagärlik toplumynda gurlan «Gökdepe» milli muzeýi türkmen halkynyň öz edermen ata-babalaryna çuňňur hoşallygynyň, ruhubelenliginiň nyşanyna öwrüldi. Muzeýde rowaýata öwrülen wakanyň gahrymanlaryna bagyşlanan gymmatlyklaryň müňlerçesi biziň taryhymyzyň pajygaly sahypalarynyň biri hakynda gürrüň berýär.
 
 
GÖKDEPE GALASY

Gökdepe galasy... Ah bilen gussa,
Gala-gala däl-de, tot-tozan, tüsse.

Bu ne aýylganç bela... Gümmürdi...
Eý, Hudaýjan galamyzy ýumurdy.

Gümmürdi, gümmürdi... Tot-tozan ýalyn,
Ahy-nala bilen hem sansyz ölüm.

Kişñeýär bedewler, galýar çarpaýa,
Agyp gaýdýar ärler, misli bir gaýa.

Goja toñkataryn öñe uzadyp,
Aram-aram silkmesini düzedip.

Barýar ol ajalyñ gözüne garap...
Gyzgyn gülle... Gany gitdi syçyrap.

Gojañ ätlemäge bolmansoñ taby,
Gyş şemalyna ykjap gitdi sakgaly.

Meger gojañ ak sakgaly howada,
Bir yşarat etdi... sözledi ýa-da.

-Ýaşasañ şir bolup, Garaşsyz ýaşa,
Irde-giçde ölüm bardyr bir başa.

Meñ ýaly öl. Topragyñy guçup öl,
Watan üçin şirin jandan geç ogul.

Bu Gala türkmeniñ ojagy ogul,
Bu gala Türkmeniñ gujagy ogul.

Galanyñ bar süññi eýlenen dere,
Galany goraman ýer ýok gidere.

Ojagyñda özge ýaksa oduny,
Türkmen diýip, kim tutar Señ adyñy. -

- Atasy...
Gygyrdy ýaşmakly gelin,

Goja tarap batly ätledi telim.
Birdenem - Ah-diýip saklandy gelin,

Döşüne ýetirip näzijek golun.
Akja barmaklary boýalýar gana,

Asman-zemin oñ daşynda aýlanýar.
Ol kimedir etmekçidi hemaýat,

Gaýyn atasyna... Bilýär ol magat.
Gözlee ýumulara pursat az galdy,

Gyşam galdy, indi geljek ýaz galdy.
Görmekçidi o jeñdäki ýaryny.

Aýtmakçydy ýürekdäkiñ baryny.
Aýdylmadyk aýdym galdy ýürekde,

-Ogla garaşýardym... Ogul gerekdi -
- Diýýän ýaly, çynar gelin epildi.

Ýaşmak sypyp göwresine ýapyldy.
Döşden aşak syran geliniñ goly,

Sypap gaýtdy göwredäki oguly,
Ogulmy, gyzmy ol... Kim bilsin ýeri.

Ogul küýseýärdi gelniñ ýüregi...
Gelniñ göwresinde düýrükdi çaga,

Gelin pyşyrdady. - Jan-a-a-a.
Şo halat eşdildi täsin jägildi.

Gelniñ küýseýşi dek... Ogul doguldy,
Çagañ jägildisi gamsyz mukamdy.

Galañ içi bolsa hesretdi-gamdy,
O jägildi ýaýrap gitdi çar ýana,

Diýýän ýaly ondan, ondan... barýana.
- Aýdyñ, aýdyñ öñde bolmaly Kakam,

Bärde dünýä indi täze bir adam... -
Çagañ jägildisi eşdilýär hälem,

- Türkmen dyza çökmez. Eşitsin Älem. -
Aý geçdi, ýyl geçdi, dolandy asyr,

Şo çagañ aýdany hak boldy ahyr.
Baknalyk zynjyry syryldy gyra,

Garaşsyz güneşim doldy Diýara.
Türkmen öz dyzyny göterdi ýerden,

Eseldi başlary. Ýazyldy gerden.
Gökdepe galasy - öñki haraba,

Bu gün äşgär boldy ýakyn - yraga.
Synlap durun bu galanyñ mermerin,

Synlap durun bu galanyñ zerlerin.
Eşdilýär gulagma-hezil ýaşamak,

Watan üçin ölmek, baky ýaşamak. -
- Ölüm aýylgançdy. Ölmezlik aýpdy,

- Watan üçin ölmeseñ doglanyñ haýpdy.
- Ölmänem men ogul dogrup bererdim,

A ölmän galany niçik gorardym -
- Ölübem ýeñip bor. Ýeñip bor ölüp.

Sen niçik ýaşarsyñ Watansyz galyp. -
Gelniñ pyşyrdysy: Ja-na-a-a-a... -
- Türkmen dyza çökmez...
Gürleýär çaga.

Şehitleñ ruhlary gürleýär dynman.
Olar söweşipdi, aman dilemän...

Watan söýmäñ nusgasy bar,
Äriñ ärden ussasy bar.
Atalaryñ gussasy bar.
Bu galada, bu galada.

Eneleriñ nurly ýüzi,
Serwi boýly gyzyñ gözi.
Gelinleriñ müñ bir näzi,
Bu galada, bu galada.

Çeşme ýaly akyp al gan,
Bir janam galmady aman.
Diñe YNAM galdy ölmän,
Bu galada, bu galada.

Şol ynamy aýdym eden,
Şol ynamy dek aý dek eden.
Şol ynamy Baýdak eden,
Serdar boldy bu galada.

Geljekde şeýle ganly tragediýalaryñ türkmen topragynda gaýtalanmazlygy üçin biziñ Gökdepe galasynyñ gahrymançylykly goralyşynyñ we tragiki ýeñlişiniñ taryhyny jikme-jik öwrenmegimiz, bu taryhy türkmenleriñ ýaş nesillerine dogruçyl öwretmegimiz gerek.

Biz milli Hatyra güni mynasybetli ýagşy dilegler edýärissadakalaryñyz kabul bolsun!
Öten gahrymanlaryñ ruhlary şat bolsun!
Goý, olar öz nesillerinden razy bolsunlar!

 

Kaynakça
-Encyclopædia Britannica onbirinci baskısı, a publication now in the public domain
- ahal.info
-Nargylyç Hojageldiýew GÖKDEPE GALASY -1991
- GÖKDEPE GALASY... goşgy, Rejepgeldi BAÝRAMOW .
-Makala taýýarlananda N. Hojageldiýewiñ, S. Öwezbaýewiñ toplan taryhy maglumatlaryndan peýdalanyldy.)
Praga, 11-nji ýanwar, 2008